Soňky 30 ýylda gury ýeriň tas 78%-i yzgaryny ýitirdi: BMG-niň bilermenleriniň netijeleri

  • 15.12.2024 16:42
  • 2.5k+

Soňky üç onýyllygyň dowamynda gury ýeriň 77,6%-inde yzgaryň derejesi ep-esli azaldy, çöl ýerleriň meýdany bolsa 7,6% ulaldy. Bu barada BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň (UNCCD) täze hasabatynda aýdylýar.

Bilermenleriň maglumatlary klimatyň çynlakaý üýtgeýändigini delillendirýär. Seljermelere görä, soňky 30 ýylda gurak ýerleriň meýdany 37,5%-den 40,6%-e çenli artdy.

“Biz ilkinji gezek bu çökgünligiň gerimini düýpli ylmy derejede anykladyk” – diýip, UNCCD-niň ýolbaşçysy Ibragim Tşau aýtdy.

Bellenilişi ýaly, doly çölleşme gury ýeriň 4,3 mln inedördül kilometrinde bolup geçdi we bu Hindistanyň meýdanyndan hem uludyr. Häzirki günde gury ýerlerde 2,3 milliard adam ýaşaýar we şolardan 1,35 milliardy Aziýada, 620 milliony Afrikada ýaşaýar.
Toprakda yzgaryň derejesiniň has azalmagy Ýewropada (95%), Afrikada (88%) we Aziýada (86%) hasaba alyndy. Bilermenleriň pikiriçe, bu gür ilatly sebitlerde suw we azyk ýetmezçiligine getirer.
Hasabat 2024-nji ýylyň 2 – 13-nji dekabrynda ilkinji gezek Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen UNCCD-niň sammiti üçin taýýarlandy. Bilermenler 1994-nji ýylda Konwensiýa gol çekilenden bäri üýtgeşmelere baha berýär we asyryň ahyryna çenli gurak ýerlerde 5 milliard töweregi adamyň ýaşajakdygyny duýdurýar.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......