Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 14.12.2024 09:39
  • 2.9k+

13-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek, eksport-import amallarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutany hem-de Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......