Türkmenistanyň Prezidenti nebitçileri, gazçylary we geologlary baýramy bilen gutlady

  • 14.12.2024 09:24
  • 4.4k+

Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitçilerine, gazçylaryna we geologlaryna gutlag iberdi.

"Siziň yhlasly we tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikler gazanylýar. Pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar" diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugatda çap edilen gutlagynda aýdylýar.

Döwlet Baştutany şeýle hem ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny, gaz geçiriji ulgamlary döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtaýar.
Serdar Berdimuhamedow nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmegi, bu işleri ýokary ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrmagy, şeýle-de onuň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmegi öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde belledi.

"Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany nygtaýar.

Belläp geçsek, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi. Türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Şol sene hem ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilip başlandy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......