Ilon Mask dünýäde 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam boldy

  • 13.12.2024 11:41
  • 12k+

Ilon Mask dünýäde baýlygy 400 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy. “Bloomberg-iň" (Bloomberg Billionaires Index) maglumatyna görä, 11-nji dekabra çenli "Tesla-nyň" we "SpaceX-iň" baştutanynyň baýlygynyň görkezijisi 439,2 milliard dollara ýetdi.

Bu “Tesla-nyň" paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli mümkin boldy. Onuň her bir aksiýasy 415 dollardan ýokary derejä bardy. ABŞ-da geçirilen saýlawlardan soň, olaryň gymmaty 60% ýokarlandy.
Maskyň maýasynyň ösüşi dünýädäki iň gymmatly startap bolan 350 milliard dollarlyk “SpaceX-iň" bahasy bilen baglanyşyklydyr. Munuň netijesinde telekeçiniň baýlygy 50 milliard dollar artdy.
Ilon Mask Jeff Bezos we Mark Sukerberg ýaly beýleki milliarderlerden ep-esli öňde barýar. "Informa Connect Academy-nyň" analitikleriniň pikiriçe, Maskyň baýlygy bir ýylda ortaça 110% ösdi. Ösüş bu depgin bilen dowam etse, Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli taryhda ilkinji dollarly trillioner bolup biler.
Dünýädäki ikinji trillioner 2028-nji ýyla çenli "Adani" kompaniýanyň esaslandyryjysy, hindi milliarderi Gautam Adani bolar diýlip çaklanylýar. “Nvidia-nyň" baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Jensen Huang bilen indoneziýaly magnat Prajogo Pangestunyň baýlygy hem 2028-nji ýylda 1 trillion dollardan geçip biler diýip, rbc.ru ýazýar.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....