Türkmenistan “Wozroždeniýe” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady

  • 13.12.2024 11:22
  • 7k+

12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady.
Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirip gelýändigi nygtaldy. Ol özüni ýurdumyzyň gurluşyk we senagat mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi.

Häzirki wagtda Aşgabatda şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnama amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek şol maksatnamanyň esasy wezipesidir diýip, döwlet Baştutanym aýtdy.
Bu maksatnama ugurlaryň giň gerimini, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, ekologik ýagdaýy mundan beýläk-de gowulandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Strategiýanyň çäklerinde bilim, medeniýet edaralary hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi işlemek, bilim we dynç almak üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär. Bu ugurdaky tagallalaryň ählisi özünde gözelligi, täzeçilligi, ýaşaýjylardyr myhmanlar üçin ýokary derejeli durmuş şertlerini jemleýän şäheri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň ýokary önümçilik kuwwaty bolan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. “Wozroždeniýe” kompaniýasy hem şolaryň hataryndadyr.

Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.


şu gün 07:51
778

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
917

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......