Aşgabatda Mejlisler merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli konsert geçirildi

  • 13.12.2024 11:13
  • 2.5k+

12-nji dekabrda Aşgabatda Mejlisler merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem tomaşaçylaryň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar.
Konsert maksatnamasy belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylarynyň ýurtlara we yklymlara özboluşly syýahata alyp gidýän çykyşlaryndan ybarat boldy. Söýgi, dostluk, daşymyzy gurşap alýan dünýä barada azerbaýjan, iňlis, ermeni, hindi, gazak, gyrgyz, rus, täjik, türk we özbek dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Tans toparlary dürli halklaryň milli lybaslarynda azerbaýjan, ermeni, owgan, hindi, gazak, gyrgyz, rus, türk we özbek tanslaryny ýerine ýetirip, sungatyň jebisleşdiriji güýjüni görkezýän köpöwüşginli kompozisiýany jemledi. Aýdym-sazly, tansly kompozisiýa dünýäniň şäherleriniň owadan ýerlerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny, parahatçylykda, dostlukda ýaşamak ýaly bitewi arzuw-islegleri şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Konsert maksatnamasy milli sungatymyzyň baý mümkinçiliklerini we onuň däpleriniň dowam etdirilýändigini görkezýän dürli žanrly we ilkinji gezek görkezilýän çykyşlar bilen tapawutlandy.
Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda ýaş nesliň wekilleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyň nyşany hökmünde gül desselerini berdiler. Döwlet Baştutany hem körpelere öz ajaýyp sowgatlaryny gowşurdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......