Türkmenbaşyda we Daşoguzda täze binalar açyldy: ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy, saglyk we söwda merkezi

  • 12.12.2024 22:56
  • 9.2k+

11-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Balkan we Daşoguz welaýatlarynda täze binalar açyldy.

Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy.
Jaýlaryň her birinde iki, üç we dört otagly, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 60 öý bolup, olar gurlanda ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanyldy. Bu gün ýaşamak hem-de rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilen, mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutulan, amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlary bolan öýler gapylaryny giňden açdy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr.
Daşoguz şäherinde 71 gektar meýdany tutýan täze ýaşaýyş jaý toplumy ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Toplumyň düzümine jemi 1 müň 496 maşgala niýetlenen, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan dört gatly öýleriň 70-si, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, döwrebap saglyk we söwda merkezleri girýär.
Daşoguz şäherinde şeýle hem “KamAZ” okuw-hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Merkezde awtoulaglary abatlamak we olara hyzmat etmek işleri ýerine ýetiriler.
Okuw-hyzmat merkeziniň düzümine edara binasy, ammar jaýy we abatlaýyş bölümi girýär. Bu ýerde awtoduralga-da göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň çäginiň uly bölegi ätiýaçlyk şaýlary saklamak üçin ammar jaýyna berlipdir. Ätiýaçlyk şaýlar bilen bökdençsiz üpjün edilmegi abatlaýyş işlerini gysga möhletde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Dabaranyň çäginde ýerli gurluşyk kärhanalarynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......