Osloda “Nihon Hidankýo” ýapon guramasynyň wekillerine Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

  • 12.12.2024 11:26
  • 3.3k+

10-njy dekabrda Osloda, Alfred Nobeliň hatyralanýan güni Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl baýrak ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak ugrundaky tagallalary üçin Ýaponiýanyň “Nihon Hidankýo” guramasyna berildi. Çäre Nobel gaznasynyň saýtynda ýaýlyma berildi.

Dabara Norwegiýanyň şa magalasynyň we hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda şäher edarasynda geçirildi. Baýragy Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Ýorgen Watne Fridnes gowşurdy. Alfred Nobeliň portreti bolan altyn medal guramanyň üç wekiline berildi.

“Baýragyň laureatlarynyň işi ýadro ýaragynyň howpuny azaltmaga ýardam etdi. Şeýle parahatçylygy goraýyş işleri üçin jemi 13 parahatçylyk baýragy doly ýa-da bölekleýin berildi. Şonça gezek hem Norwegiýanyň Nobel komiteti ýadro ýaragy howpuny öňünden duýdurmak üçin bu pursatdan peýdalandy” – diýip, Fridnes aýtdy.

Çärä Hirosimadaky we Nagasakidäki atom partlamalaryndan aman galan 17 adam gatnaşdy. “Nihon Hidankýonyň” egindeş başlygy 92 ýaşly Terumi Tanaka ýadro ýaragyny bütin dünýäde ýok etmäge çagyrdy.
1956-njy ýylda döredilen gurama onlarça ýyl bäri BMG-ä rezolýusiýalary we ýüzlenmeleri iberýär hem-de parahatçylyk konferensiýalaryna gatnaşyp, ýadro betbagtçylygynyň gaýtalanmagyna ýol bermeli däldigini belleýär.


26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......