Mähri Bäşimowa ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşdy

  • 12.12.2024 10:59
  • 3.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary depginli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerine we gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşine garadylar.
Hususan-da, «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ynam gaznasyny döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga» laýyklykda daşky gurşawy goramak, medeni mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak we desgalary dikeltmek babatynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň hasabyna zerur bolan serişdeleri geçirendigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky 2025-2027-nji ýyllar üçin Hereketleriň ýurt boýunça meýilnamasyny işläp düzmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


şu gün 07:51
778

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
917

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......