Dünýädäki iň uly 10 awtomobile baha beriň: limuzinden başlap, ýolsuz ýerden ýöreýäne çenli

  • 12.12.2024 08:40
  • 27k+

Dünýädäki iň uly awtomobiller diňe bir öz ululyklary bilen däl, eýsem özboluşly funksiýalary bilen hem haýran galdyrýar.
Sanawda hödürlenen rekord derejede uzyn limuzinden başlap, göwrümli ýolsuz ýerden ýöreýäne çenli dürli awtoulaglar ýönekeý bir ulag bolman, eýsem inženerçilik sungatynyň hakyky nusgalary, şeýle-de kaşaňlygyň nyşanydyr. Olar öz göwrümleri we adaty awtoulaglar üçin mahsus bolmadyk özboluşly funksiýalary bilen tapawutlanýar.
Taryhda iň uly awtomobilleriň ilkinji onlugy:


10. Cadillac Escalade ESV
Uzynlygy: 5,76 m, ini: 2,06 m, beýikligi: 1,94 m.
Cadillac Escalade ESV – bu lýuks hataryna degişli ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulag. Tas 6 metr uzynlyk bilen, ol stili, kaşaňlygy, rahatlygy we öňdebaryjy tehnologiýalary özünde jemleýär. Ol ýyldyzlaryň we işewürleriň arasynda diýseň meşhurdyr.


9. Dunkel Industries Luxury 4x4
Uzynlygy: 9,75 m, beýikligi: 3,5 m.
Ýaşaýyş zolagyny öz içine alýan bu ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulag awtonom ekspedisiýalar üçin niýetlenendir. Onuň içinde ähli zerur zatlar – aşhana, ýatylýan otag, hammam we enjamlary saklamak üçin ýer bar.
Awtoulag Ford F-650-niň binýadynda gurlup, siwilizasiýadan uzakdaky ýaşaýyş üçin tüýs laýyk gelýär.


8. Ford Big Red
Uzynlygy: 17 m.
1960-njy ýyllaryň gaz turbo hereketlendirijisi bilen üpjün edilen synag ýük ulagy. Kabina ýatylýan otag, telewizor we holodilnik bilen enjamlaşdyryldy.


7. Mercedes-Benz G63 AMG 6x6
Uzynlygy: 5,87 m, beýikligi: 2,3 m.
Bu adatdan daşary şertler üçin işlenip taýýarlanan kaşaň alty tigirli ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulag bolup, 5,5 litrlik V8 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Barly alyjylar üçin meşhur model hasaplanylýar. Awtoulag çöl aňňatlaryndan aňsatlyk bilen geçip, eňňitlere çykyp bilýär. Ol ýörite bölümler we barly ekstrim söýüjiler üçin döredilendir.


6. Dodge Power Wagon
Uzynlygy: 15 m.
Şeýh Hamad bin Hamdan Al Nahaýýan üçin ýörite döredilen bu awtoulag dünýäde iň uly ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulaglaryň biridir. Ol 1950-nji ýyllaryň ýük ulagynyň 8 esse ulaldylan nusgasy bolup, doly derejeli otaglar, şol sanda aşhana we ýatylýan otag bilen üpjün edildi. Awtoulag Abu-Dabide syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.


5. Chevrolet Kodiak
Özboluşly konfigurasiýa eýe bolan ýük ulagy bolup, kuwwaty 300 at güýjüne barabar V8 dizel hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Kabinada multimedia ulgamy, nawigasiýa, telewizorlar we sabwuferler bar. Başlangyç bahasy – 70 müň dollar.


4. Alton F650
Uzynlygy: 7 m, agramy: 12 tonna.
Pnewmatik asma bilen üýtgedilen Ford F650. Bu göwrümli awtomobil sekiz adama niýetlenýär we onuň ýedi gapysy bar – her ýolagçy üçin bir gapy diýen ýaly.


3. Commercial Extreme Truck (CXT)
Uzynlygy: 6,55 m, beýikligi: 2,55 m.
Gar arassalaýan awtoulagyň şassisine esaslanýan pikap-ýük ulagy. Ol bäş adam üçin niýetlenen bolup, rahatlygy we kuwwatlylygy özünde jemleýär.


2. Superbus
Uzynlygy: 15 m.
23 ýolagça niýetlenýän futuristik awtobus-limuzin. 15 metr uzynlyk bilen ol sagatda tizligini 250 km çenli artdyrýar. Ýolagçylar üçin howany dolandyryş ulgamy, Wi-Fi we telewizorlar göz öňünde tutulandyr. Gollandiýaly dizaýner Wobo Oskelz tarapyndan döredildi.


1. “Amerikan arzuwy” limuzini
Uzynlygy: 30 m.
Dünýäde iň uzyn awtomobil. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Amerikaly konstruktor Jeý Orhberg tarapyndan Cadillac-yň binýadynda döredildi. Limuzin dolandyrmak üçin iki kabina, basseýn, jakuzi we hatda dikuçar meýdançasy bilen üpjün edildi. Ol 26 tigirde hereket edýär.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...