Aşgabatda baýramçylyk şüweleňleri: Sirk çykyşlary, ýyldyzlaryň konsertleri we bijeli oýunlar

  • 11.12.2024 08:36
  • 4.1k+

“Türkmenistan” kinokonsert merkezi
“Türkmenistan” kinokonsert merkezi ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsertleri taýýarlaýar. Eneş Rejepowa, Eldar Ahmedow, Söhbet Jumaýew, Arslan Gulmämmedow, Zulfiýa Jumabaýewa, Gurbangeldi Ataýew, Habib, Begenç Akmyradow we beýlekiler estrada aýdym-sazlarynyň muşdaklary üçin baýramçylyk ruhuny döreder.
Aýdym-saz programmasyndan başga-da, myhmanlar bijeli oýna gatnaşyp biler. Ýeňiji “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bäş günlük ýollama alar.
Konsertler 28-nji we 30-njy dekabrda, şeýle-de 1-nji we 2-nji ýanwarda geçiriler.

Türkmenistanyň döwlet sirki
Aşgabatdaky sirk hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek şüweleňe çagyrýar. Tomaşaçylara täze we dürli sirk çykyşlary, dünýäniň dürli künjeginden haýwanlaryň gatnaşmagynda şüweleňler, şeýle-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, “Türkmen jigitleri” we “Gündogaryň ýyldyzlary” toparlarynyň artistleriniň çykyşlary hödürlener.
Senesi: 12-nji dekabr. Başlanýan wagty 18:00.
Goşmaça maglumat almak üçin sirk.gov.tm saýtyna girip bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-10-95; 36-10-34.

Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet sirki
Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki hem Bitaraplyk güni we ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli sirk şüweleňini taýýarlaýar. Tomaşaçylara gimnastlaryň we akrobatlaryň, baş öwredilen haýwanlaryň çykyşlary, gözbagçylaryň fokuslary, klounlaryň gülküli çykyşlary, tanslar, şeýle-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň artistleriniň çykyşlary görkeziler.
Senesi: 13-nji dekabr. Başlanýan wagty 12:00.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 572353; 572360; +99361447740.


şu gün 08:26
2.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
946

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

23.06.2026 19:04
7.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......