Parižde “Diwany lugat et-türk” eseriniň 950 ýyllygy mynasybetli halkara konferensiýa geçiriler

  • 11.12.2024 07:56
  • 2.1k+

13-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda “Diwany lugat et-türk” (“Türki dilleriň sözlügi”) eseriniň 950 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýa geçiriler. Meşhur sözlük alym, filosof Mahmyt Kaşgarly tarapyndan düzüldi.

Report agentliginiň maglumatlaryna görä, konferensiýa türki ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli komissiýalarynyň baş sekretarlary we olaryň hemişelik wekilleri gatnaşar. Çäräniň maksady ýygyndynyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, şeýle-de türki halklaryň dil we medeni mirasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Wengriýadan we beýleki ýurtlardan alymlar, ylmy gözlegçiler we dürli halkara guramalarynyň wekilleri bolar.
Mahmyt Kaşgarlynyň mirasyna aýratyn üns berler. Şeýle-de, çäräniň çäklerinde onuň gymmatly ensiklopedik işi barada dokumental film hödürlener.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......