Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleri ýanwar aýynda tassyklanar

  • 10.12.2024 08:19
  • 8.5k+

2025-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geçirer. Bu barada TDH habar berýär.

9-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýanwarda geçiriljek mejlisiň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidigini aýtdy we ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň halkara giňişlikde Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda uly işleri alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.


şu gün 07:51
988

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
952

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......