Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir - Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 09.12.2024 11:26
  • 11k+

7-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde 2025-nji ýyl üçin ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mümkinçiligi çäkli, dikeldiş bejergisine mätäç çagalar baradaky meýilnama garaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow gaznanyň bejeriş işleri boýunça täze bellenilen wise-prezidenti O.Atabaýewa we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gaznanyň iş meýilnamasyna bilelikde ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy hem-de geljek ýylda geçiriljek çärelere laýyk gelse, degişli teklibi goldajakdygyny aýtdy.
Mejlisiň şeýle hem şanly seneler mynasybetli sowgatlyk önümleri satyn almaga, näsag çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga we ynsanperwerlik kömeklerini maliýeleşdirmäge niýetlenen serişdeleriň kesgitlenen möçberi baradaky resminama gol çekildi.

“Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli tagalla edilýär. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....