Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetine täze ýolbaşçylar bellenildi

  • 09.12.2024 11:11
  • 12k+

7-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde müdiriýetiň agzalaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellemek baradaky resminamalar kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň düzüminde iki sany wise-prezident wezipeleri döredildi. Olar gaznanyň bejeriş işleri boýunça hem-de senagat ugry boýunça wise-prezidenti wezipelerinden ybaratdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň:

  • bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti wezipesine Oguljahan Atabaýewa;
  • iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradow;
  • media habarlar wekili wezipesine Azat Jepbarow bellenildi.

düýn 23:14
3k+

Türkmenistan Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň ýatlama çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 6-njy awgustda Hirosimada we 9-njy awgustda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 23:08
1k+

Türkmenistanly karateçiler Samarkantda Merkezi Aziýa çempionatynda 16 medal gazandylar

Karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3-13-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynda ýokary netijeleri görkezdiler. Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar...

düýn 23:03
523

Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

11-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy...

düýn 23:00
437

Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň diplomatlary hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

9-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Çad Respublikasynyň daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - wekili Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy...