Türkmenistanda neşe serişdelerini we temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi

  • 09.12.2024 08:26
  • 26k+

8-nji dekabrda Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy.

Bu çäre Içeri işler ministrliginiň bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek üçin niýetlenen toplumynda geçirildi diýip, “Türkmenistan” gazetinden habar berilýär.
Çärä Hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Şu gezekki çäräniň dowamynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň tagallalary bilen ele salnan neşe serişdeleri, temmäki we gadagan edilen derman önümleri bu ýere ýygnananlara görkezildi.
Çärä gatnaşyjylar ynsan saglygy üçin howply serişdeleri ýörite peçlere öz elleri bilen okladylar. Bu ugurda tassyklanan Düzgünnama laýyklykda, neşe serişdelerini ýakmak çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we ygtyýarly bilermenleriň gözegçiligi astynda geçirildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......