Serdar Berdimuhamedow Eýranyň energetika ministrini we Merkezi bankynyň başlygyny kabul etdi

  • 08.12.2024 11:19
  • 6.8k+

7-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýranyň ýurdumyza sapar bilen gelen energetika ministri Abbas Ali Abadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammadreza Farzini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, energetika, oba hojalyk, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 
Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär. 
Döwlet Baştutany nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi. 
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär.
Döwlet Baştutany bu işleriň ekologiýa howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmäge we has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.


şu gün 07:51
988

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
952

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......