2024-nji ýylyň iň gowy syýahatçylyk şäherleriniň reýtingi düzüldi: Pariž, Madrid...

  • 08.12.2024 11:01
  • 6.6k+

Pariž 2024-nji ýylyň iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň ýyllyk reýtinginde birinji orny eýeledi. Dünýäniň öňdebaryjy 20 şäherinden ybarat sanaw Euromonitor International hyzmaty tarapyndan düzüldi diýip, Daily Mail habar berýär.

Reýting ykdysady we işewürlik netijeliligi, syýahatçylyk infrastrukturasynyň ösüşi, saglyk we howpsuzlyk derejeleri, şeýle-de daşarky kynçylyklara durnuklylyk ýaly birnäçe görkezijileriň seljermesine esaslanýar. Şäherleriň ekologiýa syýasaty hem göz öňünde tutuldy.
Fransiýanyň paýtagty Pariž syýahatçylaryň arasynda meşhurlygyny ýene bir gezek tassyklady. Reýtingde ikinji orny Madrid, üçünji orny Tokio eýeledi. Öňdebaryjylaryň bäşligine Rim we Milan hem girdi.
Reýtinge goşulan beýleki ugurlaryň arasynda Nýu-Ýork, Amsterdam, Sidneý, Singapur, Barselona, Taýbeý, Seul, London, Dubaý, Berlin, Osaka, Bangkok, Los-Anjeles, Stambul we Melburn hem bar.
Sanaw syýahatçylara baryp görmek üçin ugurlary saýlamaga kömek etmek, şeýle-de syýahatçylykda durnukly ösüşiň ähmiýetine ünsi çekmek maksady bilen düzülýär.


01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......