Kolumbiýa uniwersitetiniň inženerleri hemra aragatnaşygy üçin “ýorgan” ördüler

  • 07.12.2024 12:05
  • 3.2k+

Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetiniň inženerler topary radioýygylykly aragatnaşyk üçin çeýe we ýeňil antennalary döretmekde adaty örme usulyna ýüzlendiler. Alnan “ýorgany” aňsatlyk bilen eplemek we açmak bolýar diýip, RBK ýazýar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, şeýle antennalar uly hemra tarelkalaryna alternatiwa bolup, uzak ýa-da kyn ýerlerde aragatnaşygy ep-esli aňsatlaşdyryp biler.
Taslama inženeriýa we amaly ylymlar fakultetiniň topary tarapyndan işlenip taýýarlandy, munuň üçin topar tarapyndan elektromagnit tolkunlaryny dolandyryp bilýän emeli usulda döredilen materiallar ulanyldy.
Inženerler ýüzýän žakkard örümi tehnikasyndan peýdalandylar, prosesiň dowamynda metal we dielektrik sim sapaklary dokma materialyna goşup örüldi. Öň, geçiriji örtükleri taýýar mata geçirmäge synanyşyk edildi, ýöne olar zeper ýetmelere getirdi.
Işlenip taýýarlanan antennalar adaty pled ýa-da ýorgan ýaly görünýär we birnäçe gezek ýuwmak hem ýazmak üçin çydamlydyr. Her biriniň meýdany 1 inedördül metr bolan iki prototip 1,5 sagatda taýýarlandy.
Alymlar şeýle gurluşlaryň adaty hemra antennalaryna arzan, ykjam we çeýe alternatiwa bolup biljekdigine ynanýarlar.
Geljekde örülen antennalar dürli pudaklarda, şol sanda ykjam aragatnaşygy kämilleşdirmekde we hatda Wi-Fi-y güýçlendirmek funksiýasy bilen switerleri döretmekde peýdalanylyp bilner.


düýn 23:37
1.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......