Toyota-nyň basketbolçy roboty iň uzak aralyga zyňmakda Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 07.12.2024 11:25
  • 6.2k+

Toyota kompaniýasynyň adampisint CUE6 roboty 24,55 metr aralykdan gumanoid robotlaryň arasynda basketbol topuny iň uzak aralyga zyňmakda Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Deňeşdirmek üçin Milli basketbol birleşiginiň (NBA) basketbol meýdançasynyň adaty uzynlygy 29 metre deňdir.
Bu üstünlik Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda ýerleşýän Nagakuta şäherinde hasaba alyndy.
CUE6-nyň bu üstünligi robota özbaşdak seljermäge we hereketlerini şoňa görä sazlamaga mümkinçilik berýän ösen emeli aň algoritmleri bilen baglanyşyklydyr.

“CUE6 öz ýalňyşlyklaryndan öwrenip biler we duruş, eliň ýagdaýy we zyňyş güýji ýaly parametrleri awtomatiki düzedip biler” – diýip, robotyň tehniki beýanynda bellenýär.

Üstünlik işleýşi adam mümkinçiliklerine ýakynlaşýan robot tehnikasyny işläp taýýarlamakda emeli aňyň rolunyň ösýändigini  görkezýär.


08.06.2026 16:26
5.1k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......