Aşgabatda BOMKA-10 seminary geçirildi

  • 07.12.2024 10:52
  • 2.1k+

3-5-nji dekabr aralygynda Aşgabatda  "Arçabil" myhmanhanasynda “Töwekgelçilikleri dolandyrmagy utgaşdyrmak arkaly weterinariýa gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak” atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäräni BOMKA-10 Maksatnamasy Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Weterinariýa gullugy bilen hyzmatdaşlykda gurady.

Sebitleýin seminarda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň müdiri Arslan Soltanmyradow çykyşynda weterinariýa ulgamynda häzirki zaman töwekgelçilik dolandyryş usullaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini belläp, töwekgelçilikleri netijeli dolandyrmagyň azyk howpsuzlygyny we haýwan saglygyny üpjün etmekde, şeýle hem halkara söwdany ýeňilleşdirmekde möhüm ugur bolup durýandygyny nygtady.
Seminara Merkezi Aziýa ýurtlaryndan töwekgelçilik dolandyryşyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna jogapkär ýolbaşçy hünärmenler hem-de eksport-import amallarynda weterinariýa gözegçiligi we haýwanlardan alynýan önümleriň sertifikatlaşdyrylyşy bilen meşgullanýan halkara bilermenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda halkara tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi. Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri hökmünde aşakdakylar çykyş etdiler:

  • Maris Dominiş, BOMKA-10 Maksatnamasynyň sebitleýin ýolbaşçysy;
  • Hanym Iweta Zemniýe, Latwiýanyň Iýmit we Weterinariýa Gullugynyň Serhet gözegçiligi bölüm müdüriniň orunbasary;
  • Jenap Edwards Bakasew, Latwiýanyň Daugawpils şäherindäki Iýmit we Weterinariýa Gullugynyň Serhet gözegçiligi bölüm müdiri.

Seminaryň esasy wezipeleri şulardan ybarat boldy:

  • weterinariýa töwekgelçiliklerini dolandyrmak, töwekgelçilikleri bahalandyrmak we profilirlemek babatda halkara tejribe alyşmak;
  • importyň gözegçiligi üçin töwekgelçilik derňewine esaslanan milli gözegçilik meýilnamalaryny işläp düzmekde milli hünärmenlere goldaw bermek.

Çärede gatnaşyjylar seminaryň amaly taýdan uly ähmiýetlidigini belläp geçdiler. Bu çäre sebitleýin we halkara derejede weterinariýa gözegçiligi babatdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berdi. Sebitleýin seminar Merkezi Aziýa ýurtlarynda töwekgelçilik dolandyryş usullaryny utgaşdyrmak ugrunda möhüm ädim boldy.


şu gün 07:51
988

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
952

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......