Zimbabwede gadymy saz gurallarynyň şekillerini tapdylar

  • 06.12.2024 15:53
  • 3.7k+

Witwatersrand uniwersitetiniň alymlary Zimbabweniň gündogarynda gaýanyň ýüzüne çekilen şekilleri öwrendiler we beýleki zatlar bilen bir hatarda deprek, fleýta, surnaý we şakyrdawuk oýnawaç ýaly dürli gadymy saz gurallarynyň şekillerini dokumentleşdirdiler. Tapyndylar gadymy san halkynyň aýdym-saz däplerini açyp görkezýär diýip, Phys.org habar berýär.

Barlagçylar gaýa şekilleriniň iki görnüşine duş geldiler: san awçy-ýygnaýjylarynyň nepis ýerine ýetirilen şekilleri we görmäge gelen fermerleriň barmak yzlary bilen sähelçe bulaşdyrylan şekiller. Alymlar diňe birinji görnüşi derňediler.
Şekiller Hornbostel-Saks klassifikasiýasyna görä dört kategoriýa bölündi: ideofonlar, membranofonlar, hordofonlar we aerofonlar.
Şekillerde şakyrdawuklary, deprekleri, surnaýlary, fleýtalary we üflenip çalynýan  aerofonlaryny kesgitlemek başartdy. Gurallar dürli maksatlar üçin ulanylypdyr.
Hünärmenler jyns tapawudyna-da ünsi çekdiler: erkekler surnaý çalypdyrlar, şaňňyrdawuklary bolsa iki jynsyň wekilleri hem şaňňyrdadypdyr. San halkynyň  aýallary, köplenç, aýdym aýdypdyrlar we el çarpypdyrlar.


07.06.2026 20:06
3.3k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....