Täze derman serişdesi 99% ýagdaýda AIW-den gorady

  • 06.12.2024 15:04
  • 4.9k+

Emori uniwersitetiniň amerikan alymlary wirusa garşy derman serişdesi bolan "Lenakapawir-iň" kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryny tamamladylar. Onuň ýylda iki gezek geçirilýän sanjymlary kesele garşy göreşmegiň adaty usullarynyň netijelerinden ep-esli ýokary bolup, AIW-den (adamyň immuno ýetmezçilik wirusy) goramakda 99% täsirlidigi görkezildi.

Gözlegiň netijeleri "New England Journal of Medicine" žurnalynda çap edildi diýip, naked-science.ru ýazýar.
Synaga Peru, Braziliýa we ABŞ ýaly sekiz ýurtdan 3265 adam gatnaşdy. “Lenakapawir-i" alan 2179 gatnaşyjynyň arasynda diňe ikisine (0,1%) kesel ýokuşdy. Deňeşdirme hökmünde bellesek, "Truwada" tabletkasyny gündelik ulanmagy talap edýän 1086 adamdan dokuz adama (0.8%) kesel ýokuşdy.
Gözlegçiler: "Ýylda iki gezek alynmagy talap edilýän bu täsirli sanjym netijeli derman serişdesi bolmak bilen birlikde, lukmançylyk kömegini almakda kynçylyklary başdan geçirýän adamlar üçin gaty möhümdir" diýip belleýärler.
Häzirki wagtda maglumatlar ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrligine geçirildi. Bu tassyklanylsa, derman serişdesi 2025-nji ýyla çenli bazara çykyp biler.
Dermanyň belli bir ýaşda we jyns toparynda täsirliliginiň öň synagdan geçirilendigini bellemelidiris. Soňra synaglar ir bes edildi, sebäbi derman 100 göterim netijäni görkezdi.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......