BYD bir aýda ýarym milliondan gowrak elektrikli awtoulagyny we plagin-gibridini satdy: bu rekord

  • 05.12.2024 20:03
  • 6.8k+

Hytaýyň awtoulag öndürijisi BYD satuwyny artdyrmagyny dowam etdirýär. Kompaniýa 2024-nji ýylyň noýabr aýynda rekord derejede, ýagny 506,804 sany awtoulag satdy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 67,87% köpdür diýip, auto.ru ýazýar.

Satuwyň esasy bölegi 198,065 elektrik, 305 938 plagin-gibrid ýolagçy awtoulaglaryndan ybaratdyr. Gibrid satuwlary oktýabr aýynda birneme peselmegine garamazdan, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 133,13% ýokarlandy.
Şeýle hem, kompaniýa 2,801 birlik satuwy bilen söwda segmentinde ösüşi hasaba aldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 4,3 esse köpdür.
Şeýle-de bolsa, şol bir wagtyň özünde onuň eksport üpjünçiligi birneme pes derejede bolmaklygynda galýar. Noýabr aýynda bu kompaniýa daşary ýurtlara 30,977 awtoulag satdy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende bary-ýogy 1,14% köp.
2024-nji ýylyň 11 aýynda BYD-iň umumy satuwy 3,757.336 ulaga ýetdi, ol 2023-nji ýyldakydan 40.02% köpeldi.
Ýolagçy segmentinde kompaniýa 1,557,258 elektrik awtoulagyny (+ 12.51%) we 2,183.672 gibridini (+ 69,45%) satdy.
BYD kompaniýasy goşmaça titul markalaryndan “Denza”, “Fang Cheng Bao” we “YangWang” ýaly brendlere eýeçilik edýär.


düýn 18:36
3.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.4k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
2.9k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......