Türkiýäniň harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty geçirildi

  • 05.12.2024 11:18
  • 2.5k+

4-nji dekabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, köp sanly işewürler gatnaşdylar.
Sergide “Abdi Ibrahim” kompaniýasy derman serişdeleriniň önümçiligindäki, bejeriş işindäki hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. “Orçelik Ofis Mobilyalari Makine”, “Biriz Ambalaj” kompaniýalarynyň diwarlyklarynda mebelleri öndürmekde we senagat harytlaryny gaplamakda gazanylanlar görkezilýär. Ýurdumyzda uly meşhurlykdan peýdalanýan öý hojalyk tehnikalaryny, aşhana enjamlaryny öndürijileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Olar sowadyjylaryň, egin-eşik ýuwujy maşynlaryň, bug peçleriniň, suw gaýnadyjylaryň, gyzdyryjylaryň, sowadyjy we ýyladyjy ulgamlaryň iň täze görnüşlerini öz içine alýar. Şolaryň hatarynda “Pimak Profesyonel Mutfak”, “Daikin Isitma ve Sogutma Sistemleri”, “Aldag Isitma Sogutma Klima”, “Türk DemirDöküm” ýaly kompaniýalaryň önümlerini görkezmek bolar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda elektroenergetika enjamlaryny, yşyklandyryjylary, kabelleri, generatorlary, elektrik panelleri öndürmäge ýöriteleşen “Pedaş Elektrik”, “Vatan kablo metal”, “Teksan Jeneratör Elektrik”, “Ogultürk Pano Imalat” ýaly kompaniýalar hem bar. Degişli ugurda Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň diwarlygynda ornaşdyrylan ekranlar ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan taslamalary şöhlelendirýär.
Aşgabatda geçirilýän gözden geçirilişe Türkiýäniň gurluşyk serişdelerini, tehnikalary öndürýän öňdebaryjy kompaniýalary hem işjeň gatnaşýarlar. Hususan-da, “Karbosan Zimpara” kompaniýasy öz öndürýän önümlerini, “Hilal Alüminyum” dürli görnüşli alýumin profillerini, “Genç Boru Profil” plastik turbalaryny, “Çelik Kapi” polat gapylaryny, “Kalekim Kimyevi Maddeler” kompaniýasy bolsa gurluşykda ulanylýan boýaglaryny, diwar we mebel örtüklerini hödürleýär.


Birnäçe kompaniýalar polat gurnamalaryň, kompressorlaryň, oba hojalyk we burawlaýjy tehnikalaryň önümçiligindäki mümkinçiliklerini, suw arassalaýjy ulgamlaryň enjamlaryny, sergileri, beýleki çäreleri guramakda, logistika işini amala aşyrmakda öz hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Sergä diwarlyklary bilen gatnaşýanlaryň hatarynda ýyladyşhana toplumlary, durnukly oba hojalygy üçin enjamlarydyr düzümleri öndürmäge we ibermäge ýöriteleşen kompaniýalaryň bardygyny hem bellemelidiris. Şolaryň hatarynda “Sera Marketim”, “Ekin Endüstriyel” we “Suntek Mühendislik” ýaly düzümler bar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Foruma gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde bu çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler.
Şu gün türk kompaniýalarynyň täze önümleriniň, döwrebap tehnologiýalarynyň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.


düýn 23:05
727

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......