Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen söwda dolanyşygyny artdyrmaga taýýar

  • 05.12.2024 09:36
  • 5.5k+

4-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridir. Türkmen-türk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barlyp, onuň gerimi yzygiderli giňeldilýär.
Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilýän sergisiniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ugurly özara hereketleri has ýokary derejä çykarmaga, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant boljakdygyna ynam bildirildi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda söwda dolanyşygyny artdyrmaga, gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......