Türkmenistanda okuwçylarynyň arasynda robot ýasamak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

  • 04.12.2024 23:32
  • 7.8k+

Türkmenistanda Robot ýasamak boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçen «Ýaş robototehnikaçy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň robototehnikasy pudagynda zehinli mekdep okuwçylaryna goldaw bermek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guran bu çäresine ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 7–12-nji synplarynda okaýan ýüzden gowrak okuwçy gatnaşdy. Olar iki ugur boýunça işlerini görkezdiler: «Akylly öý» we «Robototehnika».
«Akylly öý» atly taslama-döredijilik ugrunda birinji orun Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Resul Annaberdiýewe berildi. Ikinji orny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwlet Saparow eýeledi. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Serdar Owelekowyň bäsdeşlik işi üçünji orna mynasyp boldy.
«Robototehnika» ugrunda-da Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Ysmaýyl Çaryýew we Emirhan Gylyçmuhammedow degişlilikde birinji, ikinji orny eýelemek bilen, öňe saýlandylar. Lebap welayatynyn Halaç etraby 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozmyrat Ýagşymyradow üçünji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň iki ugrunyňam ýeňijilerine gymmatly bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanyldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....