Türkmenistan Italiýa bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döreter

  • 04.12.2024 23:14
  • 1.9k+

3-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde Italiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky
Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.
Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan şu ýylyň 29-njy maýynda Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň üçünji Ministrler maslahatynyň çäklerinde ylalaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar resminamanyň ýurtlaryň arasyndaky energetika, ulag, oba we suw hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öz içine aljakdygyny bellediler.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......