Türkmen wekiliýeti Eýranda YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşdy

  • 04.12.2024 16:26
  • 7k+

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýum, «ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplere, şol sanda YHG-nyň giňişliginde ykdysady ösüşiň täze ýollarynyň gözlegine garaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda «YHG üçin 2025-nji ýyla çenli görüş» we «Aşgabat hereketler ylalaşygy» ýaly konseptual resminamalaryň täze hakykatlara uýgunlaşmak üçin mäkäm meýdançany döredendigini, ýakyn geljek üçin bilelikdäki işlere anyk ugurlary kesgitlemäge ýardam berendigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýşy hem-de YHG-nyň ösüş strategiýasy boýunça teklipleri hödürlendi.
Mejlisiň dowamynda Geňeşiň iş maksatnamasy tassyklandy, Sekretariatyň we YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işleri baradaky hasabatlar kabul edildi, 2025-nji ýyl üçin býujet tassyklandy we Eýranyň YHG-da başlyklygynyň netijeleri jemlendi.
2025-nji ýylda başlyklyk Gazagystan Respublikasyna geçirildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça strategiki başlangyçlary we amaly ädimleri beýan edýän Maşat kommýunikesi kabul edildi.
YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde A.Gurbanow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda sebitiň mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk we ulag pudagyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar YHG-nyň maksatlaryny ilerletmek we geljek ýylda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky umumy ygrarlylygyny tassykladylar.
Mundan başga-da, 2-nji dekabrda Maşat şäherinde Ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uly wezipeli işgärleriniň duşuşygy geçirildi.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......