Aşgabatda Aral deňziniň howdany üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertleri maslahatlaşyldy

  • 04.12.2024 16:02
  • 3.2k+

30-njy noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) BMG-niň Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň maksady BMG-niň Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň esasynda Aralyň suw baýlyklaryny gorap saklamak we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça ösüşe baha bermekden we täze mümkinçilikleri kesgitlemekden ybarat boldy.
Çärä gatnaşanlar BMG-niň Aral deňziniň howdany üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerini we formatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň edaralarynyň wekilleri, şeýle hem suw çeşmeleri, howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak ýaly ugurlar boýunça hünärmenler gatnaşdylar.

Belläp geçsek, Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklip 2012-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüpdi. 2023-nji ýylyň maýynda BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça indiki ädimler ylalaşyldy, kabul edilen resminama 2025-nji ýylyň 21-25-nji aprelinde Bangkokda geçiriljek ESCAP-yň 81-nji mejlisinde hödürlener.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......