Curiosity ilkinji gezek Marsda sadap reňk bulutlary surata düşürdi

  • 04.12.2024 14:59
  • 3.2k+

Curiosity mars roweri ilkinji gezek Marsyň atmosferasynda sadap reňk bulutlary surata aldy.

ABŞ-nyň, Kanadanyň we Ispaniýanyň alymlary tarapyndan geçirilen maglumat derňewi bu bulutlaryň 50 kilometrden gowrak belentlikde emele gelýändigini we Günüň şöhlesine dürli reňklerde öwşün atýandygyny görkezdi.
Barlag Geophysical Research Letters žurnalynda çap edildi.
Marsdaky sadap reňk bulutlar Ýerdäki bulutlardan tapawutlanýar. Olar gury buzdan (CO2) ybarat bolara çemeli we emele gelşiniň başga mehanizmi bar bolmaly. Şeýle hem barlagçylar olaryň bölejikleriniň ululygynyň 0,75 mikrometrden 1,2 mikrometre çenli ulalýandygyny bellediler, bu bolsa häsiýetli reňk öwüşginlerini döredýär.
Bulutlar günorta ýarym şarda güýzüň başynda ýagtylygyň iň gowy düşýän döwründe surata alyndy. Alymlar bu hadysanyň möwsümleýin bolýandygyny ýüze çykardylar. Şeýle-de bolsa, bölejikleriň dinamikasy we bulutlaryň ýaýramagy bilen baglanyşykly soraglar jogapsyz galýar.
Gözegçilikler rower tarapyndan düşürilen panoramiki şekilleri ulanmak arkaly 2019-njy we 2021-nji ýyllarda geçirildi. Bulutlaryň kanunalaýyklyklaryny we düzümini anyklamak üçin barlagy 2024–2026-njy ýyllarda hem dowam etdirmek meýilleşdirilýär.
Marsyň atmosferasynyň 95 göteriminiň kömürturşy gazydygyny, galan bäş göteriminiň bolsa azot we argondygyny bellemelidiris. Mundan başga-da, az mukdarda suwy öz içine alýar, ol günorta ýarym şardan demirgazyk ýarym şara tarap bug görnüşinde aýlanýar (bu geçişe “suw nasosy” diýilýär). Ýakynda bu ujypsyz çyglylygyň Marsyň ekwatorial wulkanlarynyň üstüne gyraw görnüşinde “düşüp  biljekdigi” anyklandy.


düýn 12:54
1.8k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
5.5k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

23.04.2026 23:52
5.4k+

Barlag erkekleriň we aýallaryň beýnisinde gen işjeňliginiň nähili tapawutlanýandygyny görkezdi

Alymlar erkekleriň we aýallaryň beýni öýjüklerinde gen işjeňliginiň tapawutlydygyny ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri şizofreniýa we Alsgeýmer keseli ýaly, käbir keselleriň döremek howpunyň näme üçin......

23.04.2026 15:38
2.3k+

Alymlar lazeriň kömegi bilen beýnidäki ynamy işjeňleşdirmegi öwrendiler

Kwinslend uniwersitetiniň alymlary beýnide oksitosin we wazopressin gormonlaryny lazeriň kömegi bilen nokatlaýyn dolandyrmagyň täze, öň görülmedik usulyny oýlap tapdylar....