Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

  • 04.12.2024 11:25
  • 2.5k+

Şu gün, 4-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Köp ýyllardan bäri geçirilip gelinýän bu sergi türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

"Bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýär.

"Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Serginiň geçýän günlerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň onlarçasy senagatda, oba we suw hojalygynda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda ýeten sepgitlerini, eksport mümkinçiliklerini görkezer. Şolaryň arasynda ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýän täze kompaniýalaryň hem bardygy guwandyryjydyr" diýip, döwlet Baştutany bygtaýar.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwrebap «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýan taslamalarda we Arkadag şäherinde guruljak lukmançylyk klasterinde bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýandygyny belleýär.
Serginiň dowam edýän günlerinde geçiriljek Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty hem iki ýurduň işewür toparlaryna öňdebaryjy tejribäni, ýokary tehnologiýalary alyşmaga, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, bar bolan özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de täze şertnamalary baglaşmaga amatly mümkinçilikleri döreder.
Sergi 6-njy dekabra çenli dowam eder.


düýn 23:05
727

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......