“Harri Potteriň” ilkinji nusgalarynyň biri auksionda 36 müň funt sterlinge satyldy

  • 02.12.2024 23:37
  • 3.2k+

"Harri Potter we jadygöýlik daşy” kitabynyň ilkinji tiraždan bir nusgasy Britaniýanyň “Liçfild” şäherindäki Rare Book Auctions auksionynda 36 müň funt sterlinge satyldy. Bi-bi-siniň habar bermegine görä, alyjynyň premiýasyny göz öňünde tutup, ahyrky baha 45 müň funt boldy.

Kitaby 1997-nji ýylda Kristina MakKallok Stratford-na-Eýwonda öz ogly Adam üçin 10 funta satyn aldy. Bu şol ýyl çykarylan ilkinji tiražyň gaty daşly 500 nusgasynyň biridir.

Derbişir sebitiniň Tansli obasynda ýaşaýan Adam MakKallok bu kitabyň köp wagtlap Çesterfilddäki öňki maşgala öýünde – basgançagyň aşagyndaky şkafda saklanandygyny gürrüň berdi.
Maşgala bu nusganyň gymmatly bolup biljekdigi barada 2020-nji ýylda lokdaun wagty bildi. Birinji nusgalar baradaky wakalary görüp, olar “öz gözlerine ynanmady”.
Kristina satyn alan pursatyny ýatlaýar: “Biz [kitap dükanyna] girdik we ony 10 funta satyn aldyk. Adam bu kitaby gowy gördi we dünýädäki köp çagalarda bolşy ýaly, onuň gyzyklanmasy şu kitapdan başlandy”.


düýn 19:18
2.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......