Türkmenistanyň ilçisi Eýranyň daşary işler ministrine ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 02.12.2024 14:22
  • 8.5k+

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Eýrandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Gaýypow Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçä ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa alyp barýan işlerine eýran tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigi bellenildi.
Ilçi Y.Gaýypow hem öz gezeginde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....