Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti: haýsy çykdajylar göz öňünde tutuldy?

  • 02.12.2024 12:27
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuna gol çekdi. Kanun 2-nji dekabrda resmi metbugatda çap edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 mln. manat möçberde tassyklanyldy. Býujetiň birinji derejesi girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberde tassyklanyldy.
Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 111 987,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler we çykdajylar boýunça 24 689,6 mln. manat möçberde tassyklanyldy.
Ýerli býujetleri 15 307,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklanyldy:

  • Aşgabat şäheri – 2 739,6 mln. manat;
  • Arkadag şäheri – 283,2 mln. manat;
  • Ahal welaýaty – 1 828,6 mln. manat;
  • Balkan welaýaty – 1 657,4 mln. manat;
  • Daşoguz welaýaty – 2 780,2 mln. manat;
  • Lebap welaýaty – 3 084,3 mln. manat;
  • Mary welaýaty – 2 933,7 mln. manat.

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary diýlip bellenildi.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, ilkinji nobatda, bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýlip bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Karary kabul etdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 119 007 580,6 müň manat we çykdajylar boýunça 116 223 771,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklanyldy.
“Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny dolulygynda “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......