Dünýäniň iň gowy 100 şäheri aýdyldy. Birinji orny 10 ýyl bäri şol bir şäher eýeleýär

  • 30.11.2024 13:40
  • 19k+

Resonance Consultancy konsalting kompaniýasy tarapyndan düzülen The World’s 100 Best Cities 2024 reýtinginde on ýyl bäri London birinji orunda durýar. Taslamanyň web sahypasynda bellenip geçilişi ýaly, iňlis paýtagty “dowamly ruhy we deňeşdirip bolmajak global özüne çekijiligi” üçin ýokary bahalara eýe boldy.

Barlagçylar 12 milliondan gowrak ilatly Londonyň ulag ulgamynyň, daşky gurşaw başlangyçlarynyň, maýa goýum kuwwatynyň we myhmanhana pudagynyň ösendigini bellediler.

"Londonyň taryhy mirasy bilen häzirki zaman maksatlarynyň arasyndaky sinergiýa ony diňe bir şu günüň şäheri däl, eýsem geljegiň paýtagty ýaly orunda goýýar" diýlip hasabatda aýdylýar.

Reýtingde Nýu-Ýork ikinji orny eýeledi, ol “egsilmez ruhy” we pandemiýadan soň çalt dikelmegi bilen tapawutlanandygy bellendi.
Pariž üçünji orny eýeledi. Awtorlaryň sözlerine görä, bu şäher "şäher täzelenişi çygrynda geljege gönükdirilen başlangyçlary bilen bizi geň galdyrmagy dowam etdirýär".

"Pariž dünýäniň başga hiç bir ýerinde bolmadyk pyýada ýöremekligi, welosiped sürmegi we açyk howadaky durmuşy ulgamlaşdyrdy" – diýip, reýtingi düzüjiler bellediler.

Şeýle hem ilkinji onluga Tokio, Singapur, Rim, Madrid, Barselona, Berlin we Sidneý girdi.


25.06.2026 23:36
5.1k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......