Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylar

  • 30.11.2024 10:25
  • 5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldady diýip, TDH habar berýär.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň, munuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir. Zawod 
Lebap welaýatynda ýerleşýär. Resmi habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl SNGIZ-de esasy çig mal bolan nebitiň 489 müň 684 tonnasy gaýtadan işlenildi.
Mundan başga-da, kärhanada öndürilýän önümler Özbegistan, Owganystan, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksport edilýär.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......