Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlandy

  • 29.11.2024 16:22
  • 4.9k+

Şu gün Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar. 

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady. 
Şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisiniň Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilendigini bellemelidiris. 
Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki döwletleriň guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Aksakgallary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasydyr. 
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Şeýle hem Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......