Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki gurluşyklaryň ýagdaýy bilen tanyşdy

  • 27.11.2024 10:09
  • 13k+

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyklarda ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Bu ýerde Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de gurluşyklary dowam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda Arkadag şäheriniň döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň taslamalary, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri we onuň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň görnüşleri bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, bezegleriniň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyklar mynasybetli, bagtyýar watandaşlarymyzyň Arkadag şäherinden jaý almak bagtyna eýe bolmaklary baradaky işleri ýokary derejede guramalydygyny aýtdy hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çägi bilen gidip barşyna Akhan hem-de Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň deňinde saklandy. Bu ýerde halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik we bezeg babatda ösen talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda birnäçe belliklerini aýtdy we olary ýokary derejede ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygyny we onuň merkezi künjeginde ýerleşdirilýän şekilleri synlap, bu binany “Taýçanak” diýip atlandyrmak barada öz maslahatlaryny berdi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......