Siriýada arheologlar dünýäde iň gadymy elipbiýi tapdylar

  • 26.11.2024 13:36
  • 4.3k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň arheologlary Siriýada elipbiý ýazuwynyň iň gadymy subutnamalaryny tapdylar. Umm-el-Marryň aramgähinde oýulyp ýazylan nyşanlar bilen toýun silindrleri tapyldy. Phys.org portalynyň habar berşi ýaly, tapyndy b.e.öň 2400-nji ýyla degişli hasap edilýär, bu bolsa häzire çenli belli bolan islendik elipbiýiň ýaşyndan 500 ýyl uludyr.

Maglumatlar radiouglerod seljermesi bilen tassyklandy.

“Öň, elipbiý Müsürde ýa-da ýakyn bir ýerde b.e.öň 1900-nji ýylda oýlanyp tapylan diýlip hasaplanylýardy. Ýöne bu artefaktlaryň ýaşy has uly we başga bir ýerden gelip çykýar. Bu bolsa elipbiýiň gelip çykyşynyň ozal pikir edişimizden düýbünden başgaçadygy barada çaklamaga esas döredýär” – diýip, arheologiýa professory Glenn Şwars düşündirdi.

Ylmy gözlegçiler oýulyp ýazylan nyşanlaryň gaplaryň içindäkini aňlatmak üçin “etiketka” hökmünde ulanylandygyny çaklaýarlar. Häzirlikçe tekstiň manysy açylmady.
16 ýyl dowam eden gazuw-agtaryş işleri alty skelet, altyn we kümüş şaý-sepler, keramika we aşhana gap-gaçlary ýaly beýleki tapyndylary-da ýüze çykardy.

“Elipbiý ýazuwy adamlaryň ýaşaýşyny, olaryň pikirlenişini we aragatnaşyklaryny üýtgetdi” – diýip, Şwars belledi.


22.06.2026 23:12
4.3k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......