Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyndan soň ilkinji iş maslahatyny geçirdi

  • 26.11.2024 11:46
  • 7.8k+

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň işiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy babatda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belledi. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow intellektual eýeçilik boýunça kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa “Hakyda göwheri” diýip at goýandygyny habar berdi.

"Kitabyň many-mazmuny hakynda aýtsam, onda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary beýan etdim diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýändigini, haýsy döwri alsaňam, türkmen medeniýetiniň özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň salandygyny, olaryň dünýäniň taryhynda uly orun alandygyny aýratyn nygtady".

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn günlerde bu kitabyň neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriljekdigini aýdyp, sözüni jemledi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......