Angliýada Stounhenje meňzeş syrly daş tegelekler tapyldy. Olaryň ýaşy 5000 ýyl

  • 25.11.2024 22:45
  • 9.4k+

Dewon graflygynyň Dartmur batgalygynyň belent ýerinde iki sany daş tegelek tapyldy. Desgalaryň ýaşy 5000 ýyl diýlip çaklanylýar. Tapyndy Angliýanyň günorta-günbataryndaky adamlar täze daş asyry döwründe baýyrlaryň töweregindäki daşlardan "mukaddes arkalary" gurupdyrlar diýen çaklamalary tassyklaýar diýip, Live Science ýazýar.

Bu açyş Ekseter uniwersitetinden garaşsyz arheolog Alan Endakot tarapyndan edildi.
Tegelekleriň birine onuň üstüne abanyp duran depäniň hormatyna “Meteral” diýen at dakyldy. Ol boýlary bir metre çenli bolan 20 sany dik daşdan ybarat. Olar 40-33 metr ölçegdäki owal görnüşinde ýerleşýärler. Alym bu tegelegiň aslynda has köp daşynyň bolandygyna ynanýar.
Birinji tegelekden 1,6 km uzaklykda ýerleşen ikinji tegelek “Irlandiýalynyň diwary” diýlip atlandyryldy. Ondan diňe alty sany daş galypdyr.
Desgalaryň 160 km demirgazyk-gündogarda ýerleşen Stounhenjiň merkezi bölegine meňzeşligi iki desgada-da şol bir gurluşykçylaryň işlän bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
Bu sebitde täze daş asyrynyň mazar depeleri, görler we daş tegelekler ýaly ýadygärlikleriniň köpdügini bellemelidiris. Olaryň nämä niýetlenendigi henizem syr bolup galýar. Şeýle-de bolsa, XVIII asyrda alymlar daşlaryň ýerleşiş ýagdaýynyň astronomiki hadysalar bilen baglanyşykly bolup biljekdigini belläpdiler.
1901-nji ýylda iňlis astronomy Norman Lokýer Stounhenjiň astronomiki ugry baradaky pikiri ilkinji bolup ylmy taýdan subut etdi. Ýadygärligi Daş asyrynyň beýik obserwatoriýasy hökmünde düşündirmäge gönügen häzirki zaman synanyşyklary köp. 2022-nji ýylda Bornmut uniwersitetiniň iňlis professory Timoti Darwil Antiquity žurnalynda Stounhenjiň gün senenamasy hökmünde ulanylandygy baradaky gözegçiliklerini beýan etdi. Ol ýylda 365,25 gün üçin işlenip düzüldi we aýyň 30 gününe laýyk 30 blokdan ybaratdy, emma şu güne çenli diňe 17 sanysy saklanyp galýar. Merkezdäki bäş triliton bäş gün dowam eden gyşyň ortasy  baýramyny görkezýär we kompozisiýadaky iň beýik daş gyşda günüň uzap başlan güni Günüň dogşuny aňladýar.


22.06.2026 23:12
3.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......