BSGG ilkinji gezek çagalar üçin maýmyn mamasyna garşy sanjymy tassyklady

  • 25.11.2024 12:51
  • 5.4k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) çagalarda maýmyn mamasynyň (mpox) öňüni almak üçin niýetlenen LC16m8 sanjymynyň tassyklanandygyny habar berdi. Sanjym dünýäde bu ýaş topary üçin ilkinji sanjymdyr.

Bu ädim BSGG-niň şu ýylyň awgust aýynda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý diýlip ykrar edilen ýokanç kesel bilen göreşmek boýunça global meýilnamasynyň bir bölegidir.
LC16m8 sanjymy Ýaponiýanyň KM Biologics kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Öň, BSGG Daniýanyň Bavarian-Nordic kompaniýasy tarapyndan öndürilen ulular üçin MVA-BN sanjymyny tassyklapdy. Onuň tassyklanmagy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda boldy.
Şol bir wagtyň özünde Ýaponiýa Kongo Demokratik Respublikasyna ýörite sanjym iňňeleri bilen birlikde 3,05 mln doza LC16m8 muzdsuz bermek barada yglan etdi. Käbir maglumatlara görä, bu ýerde kesel eýýäm müňden gowrak adamyň ölümine getirdi. Bu sebit üçin iň uly kömek bukjasy bolar.
Belläp geçsek, sanjym mamanyň öňüni almak üçin işlenip taýýarlandy, ýöne 2022-nji ýylda ýapon häkimiýetleri onuň mpox-a garşy ulanylmagyny goşmaça tassykladylar.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......