ABŞ-da robot ilkinji gezek goşa öýken transplantasiýasyny geçirdi

  • 25.11.2024 12:08
  • 4.6k+

ABŞ-da Nýu-Ýork uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň (NYU Langone Health) hirurglary ilkinji gezek doly robotlaşdyrylan goşa öýkeniň transplantasiýasyny (oturdylmagy) geçirdiler. Hassa öýkeniň hroniki obstruksion keselinden ejir çeken 57 ýaşly Şeril Merkar boldy diýip, lukmançylyk edarasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Kyn operasiýa iki sany uly bolmadyk kesik arkaly iki öýkeniň donor organlary bilen çalşylmagyny öz içine aldy. Robot zeper ýeten dokumalary aýryp, täze öýkenleri oturtdy. Prosedura üstünlikli geçdi.

“Awtomatlaşdyrylan robotyň ulanylmagy üstünlik gazanmak mümkinçiligini mümkin boldugyndan ýokarlandyrmaga we hirurgiýanyň netijesinde ýüze çykýan organizm üçin ýaramaz täsirleri gowşatmaga, şeýle-de operasiýadan soň güýçli agyry duýgusyny gowşatmaga mümkinçilik berýär. Hassalara kadaly durmuşy gaýdyp bermek mümkinçiligi biziň üçin uly mertebe” – diýip, dosent Stefaniýa Çang belledi.

Lukmanlar Şeril Merkarda öýkeniň hroniki obstruksion keseliniň agyr görnüşini 2010-njy ýylda ýüze çykardylar. Onuň ösüşi öýken dokumasynyň hroniki çişmesiniň netijesinde kem-kemden dem alyş ýollarynyň daralmagy bilen dem alyş kynçylyklaryna we ganda kislorodyň konsentrasiýasynyň peselmegine sebäp bolýar.
2022-nji ýylda hassanyň ýagdaýy geçirilen koronawirus ýokanjyndan soň düýpgöter ýaramazlaşdy, netijede oňa öýkeniň doly transplantasiýasy gerek boldy. Prosedura üçin gabat gelýän donor ýaňy-ýakynda tapyldy we lukmanlar bu ýagdaýdan peýdalanyp, hassa robotlaşdyrylan goşa öýken transplantasiýasy boýunça tejribä gatnaşmagy teklip etdiler.
Öň, lukmanlar eýýäm bir öýkeniň robotlaşdyrylan transplantasiýasyny geçiripdiler. Iki organ bilen geçirilen operasiýa dünýäde ilkinji boldy.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......