Germaniýaly sazandalar Aşgabatda Mosartyň, Weberiň, Ştrausyň, Regeriň eserlerini ýerine ýetirdiler

  • 25.11.2024 10:38
  • 1.6k+

Aşgabatda geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň wekilleri kirişli saz gurallarynda konsert berdiler.

Belläp geçsek, Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guran bu hepdeligi 18 — 27-nji noýabr aralygynda geçirilýär.
Şu gezekki konsertde nemes nusgawy sazlaryna we opera eserlerinden parçalara aýratyn orun berildi. Germaniýadan gelen «Klenke» kirişli saz topary (kwartet) we dört kirişli kontrabas saz guralyny çalýan, Berliniň döwlet kapellasynyň sazandasy Alf Mozer Gendel, Mosart, Weber, Şuman Ştraus, Reger we Legar ýaly saz sungatynyň ägirtleriniň nusgawy eserlerini ýerine ýetirdiler. «Klenke» kwarteti 30 ýyldan bäri nemes sazlaryndan ybarat çykyşlary bilen Germaniýada we dünýäde giňden tanalýar. Döredijilik toparynyň agzalary — skripkaçylar Annegret Klenke, Beate Hartmann, alt saz guralynyň ussady Iwonn Ulemann we wiolençelçi Rut Kaltenhoýzer nusgawy sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 24-nji noýabrda Italiýanyň “Antonio Flinta Trio” döredijilik toparynyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda guralan konserti paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy. Kompozitor we pianinoçy Antonio Flintadan, deprekçi Klaudio Joanniniden, kontrabasçy Roberto Buççiden ybarat topar jaz sungatynyň jadylaýjy owazyny duýmaga mümkinçilik berdi. Italiýaly sungat ussatlarynyň türkmen sazandalary bilen bilelikde ýerine ýetiren “Güýz ýapraklary”, “Dünýä bilen bir boluň!” ýaly jaz sungatynyň ajaýyp eserleri tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Konsertde türkmen aýdym-saz sungatynyň nusgawy eserleri hem ýerine ýetirildi.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Antonio Flinta Trio” döredijilik topary ýurdumyzyň sungat ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle-de paýtagtymyzyň medeni merkezlerinde jaz sungaty bilen gyzyklanýanlar üçin ussatlyk sapaklaryny hem berdiler.
25 — 27-nji noýabr aralygynda bolsa paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda we Fransiýanyň ilçihanasynyň Fransuz institutynda ýewropa filmleriniň we multfilmleriniň görkezilişleri guralar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......