Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

  • 23.11.2024 21:54
  • 5.7k+

22-24-nji noýabrda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinosynyň günleri geçirilýär. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.

Kino görkezilişe Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri hödürlenildi.
Çäräniň açylyş dabarasyna Gruziýanyň degişli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy döredijilik işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çäre režissýor M.Gylyjowyň “Kompozitor” atly filminiň görkezilişi bilen açyldy. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda döredilendigini aýratyn bellenip geçildi.
Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow, şeýle-de medeniýet işgäri, kinoçy Dali Okropiridze giriş sözleri bilen çykyş etdiler. D.Okropiridze türkmen kinomatograflary bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlygyny bildirdi hem-de medeni gatnaşyklarynyň giňeldilmegine taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle-de çäräniň çäklerinde režissýorlar Arslan Eýeberdiýewiň “Istärin” we Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” atly kinolarynyň hem görkezilişi geçiriler.


şu gün 14:57
243

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 08:26
3.4k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
959

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......