OpenAI-yň emeli aň modeli AIME matematika olimpiadasynda 83 bal aldy

  • 23.11.2024 11:52
  • 2.6k+

OpenAI-yň emeli aň modeli o1 AIME amerikan matematika olimpiadasynyň testinde ýüzden 83 bal netijäni görkezdi. Ol iň gowy 500 gatnaşyjynyň hataryna girdi.

Netije emeli aňyň öňki üstünliklerinden, şol sanda öň 13 bal gazanan GPT-4o modelinden hem ep-esli ýokarydyr.
Häzirkizaman neýroulgamlary, esasan, maglumaty çalt we intuitiw işlemegi göz öňünde tutýan “ulgam 1” diýlip atlandyrylýan ýörelge boýunça işleýär. Ýöne täze model has öňe gidip, adam aňyna mahsus bolan “ulgam 2-ni” – meseleleri yzygiderli, ädimleýin seljermek ukybyny-da özleşdirdi.
Bu maglumatlaryň intuitiw işlenmeginden başga-da, o1-iň adam aňy üçin häsiýetli bolan çylşyrymly pikir ýöretmelere ukyplydygyny aňladýar.
Ýöne o1 modeliniň progresi ýokary hasaplaýyş çykdajylary we töwekgelçilikler bilen utgaşýar. Mysal üçin, OpenAI onuň biologik ýaragy döretmek üçin ulanylmagynyň howp derejesine ortaça hökmünde baha berýär, bu hem berk düzgünleşdiriji ülňüleriniň girizilmegini talap edýär.
Ylmy jemgyýet täze tehnologiýalaryň emeli aňyň geljegine edýän täsirini işjeň maslahatlaşýar. Şeýle ulgamlary işläp taýýarlamakda ekologiýa, howpsuzlyk we etika meseleleri möhüm bolup galýar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...