26-27-nji noýabrda Aşgabatda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça maslahat we sergi geçiriler

  • 23.11.2024 11:27
  • 4.4k+

26-27-nji noýabrda Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip ykrar edilmegi mynasybetli, BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäräni guramak meýilleşdirilýär.
Halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden we ýurdumyzdan 600-e golaý wekiliň, sanly ulgam arkaly 50-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......