Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda II sebitara forum geçirildi

  • 23.11.2024 00:57
  • 3.2k+

21-nji noýabrda Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

Özbek tarapynyň çykyşlarynda şu gezekki forumyň we Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň iki ýurduň işewürleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmakda, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli bolup durýandygy bellenildi. Forum hyzmatdaşlygyň gün tertibinde orun alan meseleleriň giň toplumy barada pikir alyşmak, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin meýdança bolup çykyş edýär. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berer. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigine üns çekildi. Iki ýurduň işewürlerine döredilýän ýeňillikler sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, serhetýaka söwda-maýa goýum mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Belläp geçsek, Türkmen-özbek I sebitara forumy 2022-nji ýylda Buharada geçirildi. Şu ýylyň iýulynda bolsa Daşkentde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......