Moskwada Ispaniýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 21.11.2024 00:17
  • 3.2k+

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Rikardo Martines Waskes bilen duşuşdy. Bu barada RF-däki türkmen ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Rikardo Martines Waskes ilçi hökmünde diplomatik işini Moskwa şäherinden alyp barar.
Duşuşygyň barşynda ispaniýaly diplomata Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi.
Diplomatlar syýasy dialogy ösdürmek we halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň tejribesiniň oňyn netijeleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar aragatnaşyklary dowam etdirmegi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....